RU

Международная транспортная логистика

amatly-yollar

Международная транспортная логистика

amatly-yollar

EN

Международная транспортная логистика

amatly-yollar

TK

Международная транспортная логистика

TK
EN
TK
RU
EN
RU
Awtoulag gatnawlary
AMATLY-ÝOLLAR – ýük daşama kompaniýasydyr. 2013-nji ýyldan bäri ýük eldip berme işini gurap gelýär. Owaganystandan, Eýrandan, Türkiýeden, Azerbaýjandan, Gruziýadan, Ýewriopadan, Russiýadan we GDA ýurtlaryndan halkara daşamalar.
Biz müşderi üçin iň tygşytly gatnaw ugryny we daşama usulyny saýlaýarys. «Gapydan gapa» daşama hyzmaty, ugradyjynyň ammaryndan ýüki alyş, ätiýaçlandyryş, ulag daşama resminamalary boýunça maslahat bermek bilen müşderini giden aladadan dyndyrýarys we daşama işini rahat edýäris.
Daşamalaryň geografiýasy
Müşderiniň sargydy boýunça Russiýanyň we GDA ýurtlarynyň islendik sebtine ulag ugratma hyzmaty. Resminamalaýyn ýanlyk kömegi. Ýüki yzarlama mümkinçiligi. Daşalanda ýüke zeper ýeten halatynda maddy jogapkärçilik. «Gapydan gapa» ulgamy boýunça daşama işi. Umumy we ýygnama ýükleriň eltilmegi.
Russiýadan we GDA ýurtlaryndan halkara daşamalar:
Türkiýäniň şäherlerinden Türkmenistana adaty uçar gatnawlary. Ýükleriň tutuş fura görnüşinde we ýygnama ýükiň düzüminde eltilmegi. Ýük Eýrandan, Gruziýadan we Azerbaýjandan üstaşyr geçip bilýär. Siziň bähbidiňize görä aýratyn şertleriň saýlanyp alynmagy. Gerek halatda, Türkiýeden ýük daşalanda awtoulag we deňiz ulagy kombinirlenýär, muňa multimodal daşama diýilýär. Bu tiz we aktual gatnaw ugrydyr.
Türkiýeden ýükleriň halkara daşamalary:
Eýrandan we Owganystandan ýükleriň halkara daşamalary diňe tutuş fura görnüşinde, artykmaç ýükleme bolmazdan, amala aşyrylýar.
Eýrandan we Owganystandan ýükleriň halkara daşamalary:
Gruziýadan we Azerbaýjandan ýükiň Türkmenistana getirilmegi, zerur bolanda, Özbegistandan we Täjigistandan üstaşyr geçmek bilen daşamada awtoulag we deňiz ulagy ulanylýar. Siziň ýükiňizi daşamak üçin biz diňe ygtybarly we barlagdan geçen hyzmatdaşlar bilen işleşýäris. Ähli ýük görnüşlerini daşaýarys: senagat we lukmançylyk enjamlary, halkt sarp ediş harytlary, gurlyşyk materiallary, mebel, ätiýaçlyk şaýlary wşm.
Gruziýanyň we Azerbaýjanyň içinden ýük daşama:
Umumy we ýygnama ýükleriň Germaniýadan, Polşadan, Italiýadan, Ispaniýadan, Fransiýadan, Çehiýadan, Awstriýadan, Gollandiýadan, Belgiýadan, Angliýadan, Pribaltikadan getirilmegi. Ýükleriň ätiýaçlandyrylmagy, resminamalaýyn ýanlyk kömegi, daşama boýunça ykdysady taýdan amatly çözgütler. Biz hilli daşama hyzmaty, ýükiňize emaý bilen çemeleşme, elýeter bahalar we bellenen möhletleriň berjaý edilmegini hödürleýäris.
Ýewropadan halkara daşamalar:
Aýratyn bir ulag sargardan kiçi göwrümli ýük daşamaly bolsaňyz, onda siziň üçin iň oňaýly wariant «ýygnama ýükleri daşama» hyzmaty bolar. Bu usula görä, bir sany uly ulaga birnäçe ýük alyja degişli bolan kiçi göwrümli ýükleri jemleýärler we her ýük alyjy diňe öz ýükiniň göwrümine barabarlykda töleg geçýär.
Türkmenistanda birleşdirilen daşamalar çadyrlanan (tentli) we tutuşlygyna metal ulaglarda amala aşyrylýar. «Ýygnama ýükleri daşama» synpyna ähli haryt görnüşleri girýär, bular enjam, eşik, gurluşyk materiallary, tehnika, öý harytlary, mebel we başgalary bolup biler.
*Ýük gapydan gapa eltilip berilýär. Gerek halatda, ýüki gazeller bilen salga getirip berýäs we ýükçi hyzmatymyz hem bardyr.
Aşa uly göwrümli (gabarasyz) ýük diýip agramy 20 tondan agyr bolan we ölçegleri, ýagny ini, uzynlygy we beýikligi boýunça bellenen kadadan geçýän (ýükiň uzynlygy 13.6 metri geçmeli däl, ini 2.45 metrden geçmeli däl 2.7 metrden geçmeli däl) ýüke aýdylýar. Ýokarda agzalan ölçegleri geçýän ýükler Aşa uly göwrümli ýük hasap edilýär we ýöriteleşdirilen ulag tehnikasynda daşalýar.
Aşa uly göwrümli ýükleri daşamagyň aýratynlyklary
Iri ölgeçli ýükleri daşamak adaty ýük awtoulaglar bilen ýük daşamak işinden tapawutlanýar. Aşa uly göwrümli ýükler trallarda we açyk ýöriteleşdirilen meýdançalarda daşalýar. Aşa uly göwrümli ýükleri daşamagyň kadalaryna görä, sürüjiniň daşalýan ýük üçin çäginden geçilýän ýurtlaryň ýol edaralary tarapyndan ylalaşylan ýörite rugsatnamasy bolmalydyr. Bu rugsatnamada heläkçilik ýagdaýlarynyň döremezligi üçin ulag serişdäniň haýsy gatnaw ugry boýunça hereket etmelidigi görkezilendir. Başga çäreler bilen bir hatarda, ulag polisiýasynyň ygtyýarly wekilleri ýoluň belli böleklerinde ýükiň ýanyna PÝGG ulaglaryny berkidp bilerler.
Bu häsiýetleriň jemi boýunça daşamagyň ahyrky bahasy çykýar. Türkmenistan üçin ýörite rugsatnamany taýýarlamak üçin 3 günden 5 güne çenli wagt gereklidir.
Uzyn ölçegli we Aşa uly göwrümli ýükleri daşamak üçin ulag
Uzyn ölçegli we Aşa uly göwrümli ýükleri daşamak üçin ýörite pes çarçuwaly trallar ulanylýar. Adaty tehnikalardan olar ýokarlandyrylan ýük göterme kuwwaty we meýdançanyň uzynlygy bilen yapawutlanýar.
  • 12 metr uzynlygy we 120 tona çenli ýük göterme kuwwaty bolan trallar bardyr. Bu ulaglar generatorlar, transformatorlar, önümçilik enjamlary ýaly aýratyn agyr ýük görnüşlerini daşamak üçin ulanylýar.
  • Ýük göterme kuwwaty 25, 30, 40 we 60 ton bolan pes çarçuwaly platformalar ýol düşeme enjamlaryny, oba-hojalyk tehnikasyny, bloklanan önümleri we dürli gurluşlary daşamak üçin ulanylýar.
  • Uzyn ölçegli ýükleri daşamak üçin teleskopik trallar ulanylýar. Beýleklilerden tapawutlylykda olaryň meýdançasy 20 metre çenli uzaldylyp bilýär. Bu görnüş tehnika turba we demir-beton önümlerini daşamakda peýdalanylýar.
Aşa uly göwrümli ýüki daşamagyň bahasyny bilmek üçin internet saýtymyzda ýükiň häsiýetlerini, takyk ölçeglerini (uzynlygy/ini/beýikligi) we agramyny görkezmek bilen sargydyňyzy ýerleşdiriň.
Howply ýük – daşalmagy üçin ýörite rugsat beriji resminamalar zerur bolan aýratyn topara degişli harytlara diýilýär. Ýükiň howplulygy (1)-den (9)-a çenli toparlara görä kesgitlenýär. Toparyň belgisi pes boldugyça ýükiň adam we daşky gurşaw üçin şonça howpludyr. Türkmenistana howply ýükleriň daşalmagy çadyrlanan (tentli) we tutuşlygyna metal ulaglarda (5)-(20) ton agramlarda aýratyn awtoulagda hem-de ähli arassaçylyk-tehniki talaplary berjaý etmek bilen amala aşyrylýar.
Howply ýükleriň toparlary
Howply ýükler Howply ýükleriň halkara daşamalary baradaky Ýewropa ylalaşygy (ADR/ADRR)bilen tassyklanan howplulyk görnüşlerine görä toparlara bölünýär.
Tükmenistana howply ýük daşamak üçin sürüjiniň rugsatnamasy bolmagy hökmanydyr. Bu rugsatnama ADR şahadatnamasy (Türkmenistanyň we GDA ýurtlarynyň dahyllysy sürüjiler üçin) ýa-da ADRR şahadatnamasy (Russiýanyň dahyllysy sürüjiler üçin) bolup durýar.
ADR (Accord Dangereuses Route) ýa-da ADRR (howply ýükleriň gara ýol bilen daşalmagy) – bu Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan howply ýükleriň gara ýol bilen daşalmagy babatynda umumy kadalary döretmek maksatly işläp taýýarlanan ylalaşykdyr. Türkmenistan bu ylalaşyga tarapdyr.
Howply ýükler aşakdaky toparlara bölünýär:
  • 1-nji topar – partlaýjy maddalar we önümler.
  • 2-nji topar – gazlar.
  • 3-nji topar – tiz tutaşyjy suwuklyklar.
  • 4.1-nji topar – tiz tutaşyjy gaty maddalar, özünden reaktiw maddalar we gaty sensibilizirlnene partlaýjy maddalar.
  • 4.2-nji topar – öz-özünden tutaşmaga (ýanmaga) ukyply maddalar.
  • 4.3-nji topar – suwa degen tiz tutaşyjy gazlar çykarýan maddalar.
  • 5.1-nji topar – okislendiriji maddalar.
  • 5.2-nji topar – organiki peroksidler.
  • 6.1-nji topar – toksik maddalar.
  • 6.2-nji topar – ýokanç geçiriji maddalar.
  • 7-nji topar – radioaktiw materiallar.
  • 8-nji topar – korrozion (iýiji) maddalar.
  • 9-njy topar – beýleki howply maddalar we önümler.
Haýyş etmek
Aşakdaky düwmä basyň
Jikme-jik maslahatlaşmak ýa-da haýyş goýmak üçin düwmä basyň we ähli soraglaryňyza jogap bereris.
Soraglaryňyz barmy?
Aragatnaşyk maglumatlaryňyzy bize iberiň

We mümkin boldugyça gysga wagtda habarlaşarys.
Birnäçe soraga jogap beriň
We size ýüz tutarys
Ulag görnüşi
Goük taýýarlygynyň senesi
Bellik