amatly-yollar

Международная транспортная логистика

RU

amatly-yollar

Международная транспортная логистика

EN
TK

amatly-yollar

Международная транспортная логистика

Международная транспортная логистика

EN
TK
RU
TK
RU
EN
Ýükleriň howaýoly bilen daşalmagy
Ýüki tizden-tiz eltmeli bolanda, awiasiýadan çalt we ygtybarly näme bolup biler. Häzirki wagtda, ýük daşama bazarynyň bu segmenti ýyldan ýyla has köp ulanylýar we talap görýär. Köplenç halatda, başga ulag serişdesi bilen amala aşyrylmagy başa barmajaklygy sebäpli, awiasiýa usuly harydy sarp edijä eltmegiň ýeke-täk elýeter usuly bolup galýar.
Howaýoly bilen ýük daşamak – biziň şereketimiziň iş ugurlaryndan biridir. Biz şulary hödürleýäris:
  • Ýewropa we GDA ýurtlaryndan Türkmenistana we ters ugurda ýük daşamak, şeýlede halkara ýük daşama hyzmatyny;
  • Ýükleri import er eksport etmek;
  • Awiasiýany ulanmak bilen ýüki kombinirlenen usulda daşamak;
  • Gümrük resmileşdirişden geçmäge ýardam;
  • «Ammardan - ammara» we «gapydan - gapa» shemalary.
Müşderi ýükiniň gapydan-gapa eltilmegi üçin sargyt resmileşdirip biler. Munuň manysy, ýükiň duran ýerinden daşama şereketi tarapyndan alnyp ugradyş aeroportyna eltilmegi we aeroportdan bolsa ulanylyş ýerine daşalmagydyr. Bu görnüş şertnamany Amatly-Ýollar HJ bilen baglaşsaňyz, biziň işgärlerimiz:
  • Müşderiniň ammaryndan ýüki kabul edip alarlar;
  • Ýüki uçara ýüklenmegi üçin howa terminalyna elterler;
  • Gerekli ýanlyk resminamalary resmileşdirerler;
  • Ähli awiasiýa ýygymlaryny tölärler;
  • Baryş aeroportynda ýüki kabul ederler we niýetlenen salga elterler.
Her anyk ýagdaýa aýratyn çemeleşmek gerek. Adaty uçar gatnawyny ulanmak bolar ýa-da tutuş uçar frahtlanyp biler. Bu babatda hünärmenlerimiz size ýardam berer.
Döwrebäp awialaýnerler dürli synpdaky ýükleri daşamag mümkinçilik berýär. Aşakdaky ýük görnüşleri daşamak üçin biziň hyzmatlarymyzdan peýdalanyň:
  • Umumy ýükleri standart shema boýunça daşamak üçin;
  • Howply ýükleri ýörite gaplarda daşamak üçin;
  • Gymmatly ýükleri goragly daşamak üçin;
  • Aşa uly göwrümli (gabarasyz) we agyr ýükleri daşamak üçin;
  • Tiz zaýalanýan ýükleri daşamak üçin.
Ýokarda sanalan ýüklerden haýsydyr biri ýörite bellenen wagtyň dowamynda gyssagly eltilmeli bolup biler. Eger-de gyssaga görä maliýe çykdajylary degişli barabarlykda ýapylýan bolsa, howaýoly bilen ýük daşamakdan çekinmäň. Amatly-Ýollar Siziň ýükiňiziň resmileşdirilmegi we daşalmagy boýunça zähmeti öz üstüne alar.
Haýyş etmek
Aşakdaky düwmä basyň
Jikme-jik maslahatlaşmak ýa-da haýyş goýmak üçin düwmä basyň we ähli soraglaryňyza jogap bereris.
Soraglaryňyz barmy?